Taryhy wakalaryň ýaňy
16.10.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän içeri we daşary syýasaty rowaç alýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilýän belent sepgitler döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynda gazanylýan uly üstünlikler bilen sazlaşykly utgaşýar.
Ajap eýýamymyzda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan halkara maslahatlarynyň, forumlarynyň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň sebitde we bütin dünýäde uly goldaw tapýandygyna şaýatlyk edýär. Bu hakykaty ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisem doly äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Eýran Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary we Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar.
Geňeşiň mejlisinde GDA-nyň çäklerinde köp ugurlary öz içine alýan halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde Ýewraziýa giňişliginde ykdysady durnuklylygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak hemişe möhüm mesele bolup durýar. Mejlisde halkara ähmiýetli deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmegiň meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiziň mejlisde eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan GDA-da başlyk hökmünde şu ýyl ähli ylalaşylan meýilnamalary we wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaşlar bilen bilelikde ähli tagallalary eder. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde bitewi ykdysady giňişligi kemala getirmegiň, önümçilik kooperasiýasyny çuňlaşdyrmagyň wezipeleri maslahatlaşyldy. Şeýle hem ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine garaldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gürrüňi edilýän Geňeşiň mejlisinde belläp geçişi ýaly, Türkmenistan ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de ähli ýurtlar, şol sanda GDA-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri üçin hem elýeterliligini üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde GDA-nyň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etmegi maksat edinýär. Munuň özi GDA agza ýurtlaryň ykdysady taýdan durnukly we sazlaşykly ösüşinde örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu wajyp meselede Demirgazyk — Gündogar ulag geçelgesi işjeň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde uly mümkinçiliklere ýol açýar. Şeýle hem Türkmenistan döwletimiz GDA başlyklyk edýän döwründe medeni-ynsanperwer we ekologiýa ugurlarynda özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine itergi berilýär.
Şol gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Hazar ekologiýa sammiti geçirildi. Sammite Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri gatnaşdylar. Bu forumyň Awazada geçirilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijiligiň we ynanyşykly dialogyň merkezi hökmünde halkara abraýyny ýene bir gezek tassyklady. Sammitde Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamagyň, onuň ekologik abadançylygyny üpjün etmegiň meselelerine garaldy. Sammitde döwlet Baştutanymyz çykyş edip, Hazarýaka döwletleriň jebisliginiň esasy güýjümizdigini aýratyn nygtady.
Sammitde Hazar giňişligini parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň zolagy hökmünde saklap galmagyň wajypdygy bellenildi. Çünki, munuň özi Hazarýaka döwletleriň ählisiniň bähbitlerine doly laýyk gelýär we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi nygtaldy.
Işjeň ýagdaýda geçen sammitde Hazar deňzi bilen bagly ýüze çykýan dürli meseleleriň bilelikde çözülmelidigi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda işjeň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň wezipelerine garaldy. Ýeri gelende aýtsak, bu forum halkara diplomatiýasynyň we netijeli dialogyň ykrar edilen merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny ýene-de bir gezek aýdyň subut etdi.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.