Döwrebap saglyk öýi halkyň hyzmatynda
16.10.2026
Hormatly Prezidentimiz: “Ynsan saglygy ýurdumyzyň iň uly baýlygydyr. Adamyň saglygyny goramak bolsa biziň baş maksadymyzdyr” diýip ynsan saglygyny ähli zatdan ýokarda goýýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bütin dünýäde uly ykrarnama eýe bolýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna giň gerim berlip, saglygy goraýşy ösdürmekde döwletimizde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde ynsan saglygyny gorap saklamakda uly işleriň edilýändigini görkezýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýakynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralaryny ýatlamak bolar. Bularyň ählisi saglygy goraýyş işgärlerine ýatdan çykmajak baýramçylyk sowgady boldy.
Bu ýerde aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem, sebitde iri lukmançylyk merkezi bolmagydyr. Ýokary hilli onkologiýa hyzmatlary üçin ýöriteleşdirilen bu merkez 500 orundan ybaratdyr. Onkologiýa kesellerini bejermek üçin anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş bölümlerini öz içine alýan bu merkezde 2 müňe golaý adamyň zähmet çekmegine mümkinçilik döredilendir.
Şeýle hem döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Stomatologiýa merkeziniň açylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Merkezde 20 bölüm hereket edip, onda diş keselleriniň öňüni almak we olary bejermek üçin ähli şertler döredilendir.
Öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan Halkara pediatriýa merkezinde 17 bölüm hereket edip, täze innowasion usullaryň esasynda gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde pediatriýa ugry boýunça keseli kesgitlemäge, onuň öňüni almaga ähli mümkinçilik bar.
Ýene-de buýsançly wakalaryň biri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Arçman” şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylmagydyr. Bu toplumyň açylmagy bilen häzirki zaman şypahanalarynyň enjamlaşdyrylyşy we olarda hödürlenilýän hyzmatlar halkara ölçeglerine laýyk alnyp barlar. Halkymyz ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen saglyk merkezleri bilen bir hatarda şypahanalarda hem saglygyny berkidýär. “Arçman” şypahanasynyň döwrebap binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bagtyýar il-günümizi has-da ruhlandyrdy.
Hünär baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu şatlykly habar hemmelere uly joşgun paýlady. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we berkitmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýparça AKYMOWA.
“Maru — şahu jahan”.