At çapyşygynyň güýzki möwsümi
16.10.2026
Güýz paslynyň jana ýakymly, hoştap howaly günlerinde at çapyşygynyň güýzki möwsümi dowam edýär. Welaýat merkeziniň atçylyk sport toplumy hem geçen ýekşenbe güni köp adamly boldy. Bedew janköýerlerini bir ýere jemlän nobatdaky at çapyşygy guramaçylykly we täsirli geçdi.
Her çapyşyga bäş bedewden gatnaşan bu çärede ýigrimi bäş sany saýlama bedew özara güýç synanyşdylar. Bir müň metr aralyga geçirilen birinji çapyşyk, ikiýaşar atlaryň arasynda geçirildi. Onda B.Orazowyň hojalyk aty bolan Güller atly dor gysrak pellehana 1 minut 06,56 sekuntda geldi. Bu dor gysragyň seýsi A.Annaýew, çapyksuwary bolsa B.Mämmedow.
Ikinji çapyşykda hem ikiýaşar atlar müň metr aralykda güýç synanyşdylar. Ökdeden ökdäni saýlaýan at çapyşygynda Mary döwlet athanasyna degişli Uçgun atly ak ýal mele at ýeňiji boldy. K.Garýagdyýewiň seýislän, Ý.Amannazarowyň çapyksuwarlyk eden bu aty bellenilen aralygy 1 minut 12,90 sekuntda geçmegi başardy.
Bir müň dört ýüz metr aralyga geçirilen üçünji çapyşyga üçýaşar atlar gatnaşdyryldy. D.Amandurdyýewiň öz seýislän hususy aty bolan Edepli atly dor at beýlekilerden saýlanyp, 1 minut 40,72 sekuntda pellehana birinji bolup geldi. Bu ata G.Ýazberdiýew ussatlyk bilen çapyksuwarlyk etdi. Üçýaşar atlar gatnaşdyrylan dördünji çapyşyk hem bir müň dört ýüz metr aralyga geçirildi. Bu gezek Ş.Şamyradowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 35,93 sekuntda gelip, bedew janköýerlerini begendirdi. Onuň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary G.Ýazberdiýewdir.
Bäşinji çapyşyga dört we ulyýaşar atlar bir müň dört ýüz metr aralyga güýç synanyşdylar. Bäşinji çapyşykda R.Läliýewiň hojalyk aty bolan Toýçy atly mele at 1 minut 36,39 sekunt wagt bilen bellenilen aralygy geçip, ýeňiji boldy. Onuň seýsi Ş.Orazgeldiýew, çapyksuwary B.Mämmedow.
Aýdym-saza beslenip geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: at çapyşyklaryndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.