«Ak altyn» — 2026
23.10.2026
Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde pagtaçy kärendeçiler pagta ýygym möwsümini guramaçylykly alyp barýarlar. Gyzgalaňly günlerde ýer eýeleriniň ählisi tijenip işleýärler. Bereketli atyzlarda pagta ýygymyny gowşamaýan depginlerde dowam etdirýän her bir kärendeçi bellenilen meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen ýetişdirilen hasylyň bir übtügini hem yrýa etmän ýygnamaga çalyşýar.
Welaýatymyzyň kärendeçileri pagtanyň milli gymmatlygymyzdygyna örän oňat düşünýärler. Şoňa görä-de, zähmetsöýer “ak altyn” ussatlary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň hem bol pagta hasyly üçin gowaça çigidi ekilmezinden öň aladalanyp başladylar. Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde bolsa gowaça ekişini guramaçylykly geçirdiler.
Topraga tohum atylandan soňra agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda idegi ýetirilen gowaçalar bu günki günde özüniň ajaýyp miwesini berýär. Şu ýerde bir zady hem aýratyn bellemegimiz gerek. Ol hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýer eýeleriniň zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýänligidir. Ýokary hilli tohum, dökün, tehnika, suw üpjünçiligi babatynda döredilýän mümkinçilikler kärendeçileri tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Meýdanda işler agzybirlikde ýerine ýetirilýär. Ýagny, daýhan zähmetinden kemala gelen hasyly ýygnamakda ýokary iş öndürijilikli kombaýnlardan peýdalanylýar, şeýle-de, el bilen ýygmakda kömekçi gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler. Yzy tirkegli traktorlar ýetişdirilen «ak altyny» pagta kabul ediş harmanhanasyna daşamaga hyzmat edýärler. Umuman aýdanymyzda, meýdanda işler guramaçylykly alnyp barylýar.
Asuda Watanymyzda oba zähmetkeşleriniň işlemegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden alkyş aýdýarys.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».